"Bawariýa" çempion boldy, "Arsenal" utuldy, "Inter" kuboga ýakynlaşdy
Ýewropa futbolynda geçen dynç günleri garaşylmadyk netijeler, çempionlyk söweşi we dartgynly göreşler bilen ýatda galdy.
Angliýada esasy üns «Arsenal» bilen «Mançester Siti» (1:2) toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gönükdi. Bu oýunda «Arsenal» ýeňlişe sezewar boldy we çempionlyk göreşinde ýagdaýyny çylşyrymlaşdyrdy. Indi «Mançester Siti» çarşenbe güni «Börnli» toparyna garşy 3 utuk gazanan ýagdaýynda ýaryş tertibiniň başyna geçip biler. Şeýle-de «Mançester Ýunaýted» Çempionlar ligasyna çykmak ugrunda has-da ýakynlaşdy, «Tottenhem» bolsa düşme zolagynda galmagyny dowam etdirýär.
Ispaniýada bu dynç günleri La Liga duşuşyklary geçirilmedi, emma ýurduň kubogy ugrunda final duşuşygy boldy. Onda «Real Sosýedad» topary «Atletiko Madrid» (2:2, 4:3) toparyny penalti tapgyrynda ýeňip, kubogy gazandy.
Italiýada «Inter» topary ynamly çykyş edip, «Kalýari» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Şeýle-de «Napoli» topary «Lasio» toparyndan 0:2 hasabynda utuldy. Şeýle netijelerden soň, Kristian Kiwuň ýolbaşçylygyndaky «Inter» toparyna çempion bolmak üçin galan bäş tapgyrda bary-ýogy 4 utuk toplamak ýeterlik bolar.
Germaniýada bolsa «Bawariýa» topary «Ştutgart» toparyny 4:2 hasabynda ýeňip, Bundesliganyň çempiony bolmagyny resmi taýdan üpjün etdi. Bu üstünlik mýunhenliler üçin soňky 14 möwsümde 13-nji çempionlyk boldy.
Fransiýada çempionlyk göreşi has-da dartgynly ýagdaýda dowam edýär. «Lans» topary «Tuluza» garşy 0:2 hasabyndan gaýdyp gelip, 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Şol bir wagtyň özünde «PSŽ» topary «Lion» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy. Şeýlelikde, parižliler ýaryş tertibinde bary-ýogy 1 utuk öňde barýar, üstesine-de olaryň ätiýaçdaky bir oýny bar.
Hepdäniň iň gowy oýunçylarynyň arasynda birnäçe futbolçy tapawutlandy. «Nottingem Forest» toparynyň oýunçysy Morgan Gibbs-Uaýt «Börnla» garşy het-trik etdi. «Augusburg» toparynyň derwezebany Fin Dýamen «Baýera» garşy duşuşykda 9 sany urgyny yzyna gaýtardy. Şeýle-de «Aston Willanyň» oýunçysy Olli Uotkins «Sanderlenda» garşy 2 gol we 1 asist bilen çykyş etdi. «Wolfsburg» toparynyň oýunçysy Patrik Wimmer «Uniona» garşy oýunda bir gol geçirip, 10 duelde üstün çykdy. «Lýonyň» oýunçysy Afonso Moreýra bolsa «PSŽ» garşy 1 gol we 1 asist bilen toparynyň üstünlik gazanmagyna goşant goşdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


