MLS. "Inter Maýami" myhmançylykda ýeňiş gazandy, Messi ýene-de öňe çykdy

ABŞ-nyň MLS çempionatynda geçirilen nobatdaky duşuşykda «Inter Maýami» topary myhmançylykda «Kolorado Rapidz» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Denwer şäherindäki "Diks Sporting Guds Park" stadionynda geçirildi we gollara baý hem-de ýokary depginde geçen oýun boldy.

Myhman toparyň esasy gahrymany Lionel Messi boldy. Argentinaly ýyldyz duşuşykda iki gol geçirip, toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy. «Inter Maýami» toparynyň üçünji goluny bolsa German Berterame öz adyna ýazdyrdy.

Bu ýeňiş arkaly «Inter Maýami» çempionatdaky ýeňlişsiz tapgyryny alty oýna çenli uzatdy we soňky iki deňme-deň netijeden soň ýene-de ýeňiş ýoluna gaýdyp geldi. Häzirki wagtda topar 8 tapgyrdan soň 15 utuk toplap, MLS-iň Gündogar konferensiýasynda ikinji orny eýeleýär.

Lionel Messi bolsa häzirki möwsümde 7 gol bilen iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orunlary paýlaşýar. Ol bu görkeziji boýunça «Neşwil» toparyndan Sem Sarrij hem-de «Dallas» toparyndan Petar Musa bilen deň derejede barýar. Geçen möwsümde hem Messi çempionatyň iň gowy bombardiri bolupdy. Şeýle-de bu gollar onuň karýerasynda 904 we 905-nji gollar boldy.

Beýleki tarapdan, «Kolorado Rapidz» topary üçin ýagdaýlar kynlaşýar. Topar soňky üç duşuşygyň ikisinde ýeňildi we häzirki wagtda durnukly oýun görkezmekde kynçylyk çekýär.

Toparlar indiki duşuşyklaryny 23-nji aprelde geçirerler. Şol gün «Kolorado Rapidz» topary «Los-Anjeles» bilen duşuşsa, «Inter Maýami» topary «Real Solt-Leýk» bilen güýç synanyşar.