TÝB - 2026. "Nebitçi II" öňdeligi saklady, "Arkadag II" yzarlamagyny dowam edýär
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginiň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi we ähli oýunlar gyzykly hem-de netijeli geçdi.
Tapgyryň iň möhüm duşuşyklarynyň birinde «Nebitçi II» topary öz meýdançasynda «Aşgabat II» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu oýunda Elýas Agöýliýew 33-nji we 75-nji minutlarda iki gol geçirip, toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy. Şeýle-de Söýenç Toýçyýew 44-nji minutda tapawutlandy. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny 84-nji minutda Muhammetoraz Agaýew geçirdi. Bu ýeňişden soň «Nebitçi II» 9 utuk bilen ýaryşyň lideri bolmagyny dowam edýär.
Beýleki duşuşykda «Ahal II» bilen «Merw II» toparlarynyň arasynda deňme-deň oýun hasaba alyndy – 1:1. «Ahal II» toparynyň goluny 25-nji minutda Medetgeldi Çaryýew penalti urgusyndan geçirdi, «Merw II» topary bolsa 35-nji minutda Begli Annaýewiň goly bilen jogap berdi.
«Arkadag II» topary myhmançylykda «Altyn Asyr II» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Myhmanlaryň gollaryny 19-njy minutda Annamuhammet Rejepow hem-de 77-nji minutda Diýargylyç Urazow geçirdi. Oýnuň ahyrynda, 90+3-nji minutda Myrat Annaýew «Altyn Asyr II» üçin bir gol geçirse-de, bu olaryň utulmagynyň öňüni alyp bilmedi. Bu ýeňişden soň «Arkadag II» 7 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.
Tapgyryň iň netijeli duşuşygynda «Şagadam II» topary öz meýdançasynda «Köpetdag II» toparyny 5:2 hasabynda ýeňdi. Bu oýunda Süleýman Galpakow (9-njy minut), Azizbek Bekjanow (28, 75) hem-de Şamyrat Şamyradow (55, 67) tapawutlandy. Myhmanlaryň gollaryny bolsa Jumamyrat Jumaýew (48, 88) geçirdi. Bu ýeňiş «Şagadam II» toparyna 6 utuk getirip, olary üçünji orna çykardy.
Şeýlelikde, 3-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibinde «Nebitçi II» 9 utuk bilen öňdeligi eýeleýär, onuň yzyndan «Arkadag II» (7 utuk) hem-de «Şagadam II» (6 utuk) ýerleşýär.
Şeýle-de ýaryşda iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda Medetgeldi Çaryýew («Ahal II»), Weýisgeldi Orazdurdyýew («Altyn Asyr II») we Elýas Agöýliýew («Nebitçi II») hersi 3 gol bilen öňdeligi paýlaşýarlar.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


