UEL, UEСL. Ýarym final jübütler belli boldy

UEFA Ýewropa ligasynyň 2025/26 möwsüminiň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary 16-njy aprelde geçirildi we olaryň netijesinde ýarym final jübütleri anyklandy.

Iň gyzykly garşylyklaryň birinde «Nottingem Forest» topary öz meýdançasynda «Portu» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Morgan Gibbz-Uaýt geçirdi. Bu oýunda «Portu» topary ir wagtda azlykda galdy — Ýan Bednarek gyzyl kart aldy. Ilkinji duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlanandygy sebäpli, iki oýnuň jemi boýunça «Nottingem Forest» ýarym finala çykdy.

Indi olar ýarym finalda «Aston Willa» topary bilen duşuşar. Unai Emeriniň ýolbaşçylygyndaky «Aston Willa» topary çärýek finalda «Bolonýa» toparyndan ynamly üstün çykdy (3:1, 4:0).

Beýleki ýarym final jübütinde «Fraýburg» bilen «Braga» toparlary güýç synanyşar. «Fraýburg» çärýek finalda «Selta» toparyny ýeňdi (3:0, 3:1), «Braga» bolsa «Betis» toparyny ýaryşdan çykardy (1:1, 4:2).

Şeýle-de Konferensiýa ligasynda hem ýarym finalçylar belli boldy. «Raýo Walýekano» topary iki duşuşygyň jemi boýunça «AEK» toparyndan üstün çykyp, indiki tapgyra geçdi we indi «Strasbur» bilen duşuşar. «Strasbur» bolsa «Maýns» toparyny ýeňdi (0:2, 4:0).

Beýleki jübütde «Şahtýor» bilen «Kristal Pelas» toparlary duşuşar. «Şahtýor» – «AZ Alkmaar» toparyndan üstün çykdy (3:0, 2:2), «Kristal Pelas» bolsa «Fiorentina» toparyny ýeňdi (3:0, 1:2).

Ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary 30-njy aprelde, jogap oýunlary bolsa 7-nji maýda geçiriler.

Soňky möwsümde Ýewropa ligasynyň çempiony bolan «Tottenhem» finalda «Mançester Ýunaýted» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi. Bu möwsümiň ýeňijisi Çempionlar ligasynyň 2026/27 möwsümine gönüden-göni gatnaşmak hukugyny hem gazanar. Konferensiýa ligasynda bolsa soňky çempion «Çelsi» bolup, olar finalda «Real Betis» toparyny 4:1 hasabynda ýeňipdi.