UCL. "Real Madrida" näme ýetmedi? "Bawariýa" garşy oýnuň seljermesi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda Madridiň «Real Madrid» topary ýaryş bilen hoşlaşdy. Mýunheniň «Bawariýa» topary bilen geçirilen çärýek final garşylygy diňe hasap taýdan däl, eýsem taktiki taýdan hem köp zatlary görkezdi.
«Real Madrid» duşuşyga batyrgaý düzüliş bilen çykdy. 4-4-2 ulgamynda orta hatarda hüjüme gönükdirilen üç oýunçy ýerleşdirildi, Federiko Walwerde bolsa gorag bilen hüjümiň arasynda deňagramlylygy saklaýan esasy oýunçy boldy. Şeýle gurluş «Bawariýanyň» ýokary gorag liniýasyny ulanmak we garşylyklaýyn hüjümleri howply etmek üçin peýdaly boldy.
Emma pressingde kynçylyklar ýüze çykdy. «Bawariýa» bu ýagdaýdan peýdalanyp, oýnuň köp böleginde topa gözegçilik etdi. Hususan-da Ýozua Kimmih bilen Aleksandr Pawlowiçiň arabaglanyşygy oýnuň gurluşynda möhüm rol oýnady. Hüjümleriň köpüsi hut şu iki oýunçynyň gatnaşmagynda başlandy.
Bir gol Kimmihiň öňe geçiren topundan başlansa, beýleki bir hüjüm hem onuň pasyndan soň dowam etdi. Bu bolsa «Real Madridiň» orta meýdançada garşydaşy doly saklap bilmändigini görkezdi.
Duşuşygyň dowamynda Eduardo Kamawinganyň meýdança çykmagy tälimçiniň oýny "saklamak" synanyşygy boldy, emma onuň gyzyl kart almagy ýagdaýy hasam agyrlaşdyrdy.
Hüjümde bolsa ýagdaý başgaça boldy. Winisius Junior bilen Kilian Mbappe käbir pursatlarda passiw görünsede, hüjümde örän howply çykyş etdiler. Olar az mümkinçilikden hem peýdalanyp, garşydaş derwezä uly howp döretdi.
Iň täsirli oýunçylaryň biri Arda Güler boldy. Ol diňe iki gol bilen däl, eýsem meýdançada köpugurly oýny bilen tapawutlandy. Güler ilki Ýosip Stanişiçi, soňra bolsa Konrad Laýmeri saklamakda uly iş bitirdi. Şeýle-de ol Walwerde bilen Ferlan Mendini ätiýaçlandyrmakda hem işjeň boldy.
Şeýlelikde, «Real Madrid» ýokary derejeli hüjüm mümkinçiliklerini görkezse-de, umumylykda oýnuň gurluşynda we pressingde ýetmezçilikler sebäpli ýarym finala çykyp bilmedi. Bu gezek diňe aýratyn ussatlyk däl, toparlaýyn deňagramlylyk hem ýetmedi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


