UCL. Ýarym finalyň wagtlary belli boldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2025/2026 möwsüminiň ýarym final duşuşyklarynyň doly senenamasy mälim edildi. Ýarym finalda dört güýçli topar — Parižiň «PSŽ», Mýunheniň «Bawariýa», Madridiň «Atletiko» we Londonyň «Arsenal» toparlary final ugrunda göreşer.

Ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary:
29-njy aprel, gije sagat 00:00 — «PSŽ» – «Bawariýa»
30-njy aprel, gije sagat 00:00 — «Atletiko» Madrid – «Arsenal»

Jogap duşuşyklary:
6-njy maý, gije sagat 00:00 — «Arsenal» – «Atletiko» Madrid
7-nji maý, gije sagat 00:00 — «Bawariýa» – «PSŽ»

Bu duşuşyklaryň ählisi Aşgabat wagty bilen gije sagat 00:00-da başlanar.

Toparlar bu tapgyra ýetmek üçin güýçli garşydaşlary ýeňip geçdi. «Arsenal» çärýek finalda Portugaliýanyň «Sporting» toparyndan üstün çykdy. «Bawariýa» Madridiň «Realyny» iki oýnuň jemi boýunça ýeňdi. «Atletiko» başga bir ispan ägirdi «Barselonany» ýaryşdan çykardy. Parižiň «PSŽ» topary bolsa «Liwerpuly» ynamly ýagdaýda ýeňip, ýarym finala çykdy.

Ýarym final garşydaşlyklary aýratyn gyzykly garaşylýar. «PSŽ» bilen «Bawariýanyň» duşuşygy iki hüjümli güýçli toparyň çaknyşygy bolar. Şeýle-de «Atletiko» bilen «Arsenal» arasynda taktiki taýdan dartgynly oýun garaşylýar.

Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 30-njy maýda Budapeşt şäherindäki "Puşkaş Arena" stadionynda geçiriler.