MLS. Maskerano "Inter Maýamiden" gitdi - wagtlaýyn täze tälimçi bellenildi
ABŞ-nyň «Inter Maýami» toparynda garaşylmadyk tälimçi çalşygy boldy. Toparyň baş tälimçisi Hawýer Maskerano öz islegi boýunça wezipesinden çekildi.

Toparyň resmi maglumatyna görä, argentinaly hünärmen bu karary şahsy sebäpler bilen kabul etdi. Ol bu barada giňişleýin düşündiriş bermedi, diňe öz sözlerinde "şahsy ýagdaýlar sebäpli gitmek kararyna gelendigini" aýtdy.
Hawýer Maskerano 2025-nji ýylyň başyndan bäri «Inter Maýami» toparyna ýolbaşçylyk edip gelýärdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar geçen möwsümde ýokary netijeleri gazanypdy: MLS-iň yzygiderli çempionatynda Gündogar konferensiýasynda üçünji orny eýeläp, pleý-off tapgyrynda finala çenli baryp ýetdi we şol ýerde «Wankuwer Waýtkaps» toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, çempion boldy.
Häzirki möwsümde bolsa «Inter Maýami» durnukly oýun görkezmekde kynçylyk çekýär. Soňky alty duşuşykda topar utulmasa-da, diňe bir gezek ýeňiş gazandy. Şeýle-de bolsa, ýedi tapgyrdan soň topar ýene-de Gündogar konferensiýasynda üçünji orny eýeleýär.
Toparyň ýolbaşçylary Maskeranonyň arzasyny kabul edip, oňa eden işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň ornuna wagtlaýyn tälimçi hökmünde toparyň sport direktory Anhel Gilýermo Hoýos bellenildi.

Häzirki wagtda toparyň esasy ýyldyzy Lionel Messi we onuň ýoldaşlary täze tälimçi bilen öňdäki duşuşyklara taýýarlanýar. Täze ýolbaşçynyň toparyň oýnuna nähili täsir etjekdigi bolsa ýakyn wagtda belli bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


