APL. Ekitike agyr şikes aldy, 9 aý meýdançadan daşda galar

«Liwerpul» toparynyň fransuz hüjümçisi Ugo Ekitike Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda «PSŽ» toparyna garşy oýunda agyr şikes aldy. Bu duşuşykda «Liwerpul» öz meýdançasynda 2:0 hasabynda ýeňildi. Iki oýnuň jemi boýunça hasap 4:0 boldy.

Duşuşygyň ilkinji ýarymynda ol meýdançany terk etmeli boldy we onuň ýerine müsürli hüjümçi Muhammet Salah girdi. Soňky barlaglaryň netijesinde 23 ýaşly futbolçynyň ahilliniň ýyrtylandygy anyklandy.

Lukmanlaryň maglumatlaryna görä, Ugo Ekitikeniň doly sagalyp, meýdança dolanmagy üçin takmynan 9 aý wagt gerek bolar. Şeýlelikde, ol 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyny hem goýbermeli bolar. Ol 2027-nji ýylda meýdança gaýdyp gelmegi mümkin.

Fransuz hüjümçi häzirki möwsümde ýokary derejede çykyş edipdi. Ol ähli ýaryşlarda 44 duşuşykda meýdança çykyp, 17 gol we 6 asist bilen tapawutlandy.

Ekitike 2025-nji ýylyň tomsunda «Aýntraht» toparyndan «Liwerpula» 95 million ýewro bahasy bilen transfer edilipdi we gysga wagtda toparyň esasy hüjümçileriniň birine öwrüldi.