UCL. "Bawariýa" bilen "Arsenalyň" ýeňşi

7-nji aprelden 8-nji aprele geçilýän gije Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi.

Madridde geçirilen merkezi oýunda «Real Madrid» topary «Bawariýa» toparyndan 1:2 hasabynda ýeňildi.

Netijede «Bawariýa» bir gol artykmaçlygy bilen ýeňiş gazanyp, jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda artykmaçlyk aldy. Jogap oýny 15-nji aprelde Mýunhende geçiriler.

Şol gije başga bir duşuşykda Lissabonyň «Sporting» topary Londonyň «Arsenal» toparyny kabul etdi. Duşuşyk deňlik bilen tamamlanar öýdülýän wagtynda, goşmaça minutlarda Kaý Hawers ýeňiş goluny geçirip, «Arsenal» toparyna 1:0 hasabynda ýeňiş getirdi.

Jogap duşuşygy 15-nji aprelde Londonda geçiriler.

Bu netijeden soň Angliýanyň Premýer-ligasy indiki möwsümde Çempionlar ligasyna bäş topar çykarmak hukugyny resmi taýdan gazandy. Goşmaça orun üçin bolsa germaniýaly we ispaniýaly toparlar göreşer.