Meşhur tälimçi Mirça Luçesku aradan çykdy

7-nji aprelde agşam sagatlarynda rumyniýaly meşhur tälimçi Mirça Luçesku 80 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Buharestiň gyssagly kömek uniwersitet hassahanasy habar berdi.

Berlen maglumatlara görä, soňky hepdede tälimçiniň saglyk ýagdaýy agyrlaşyp, onda ýürek bilen bagly çynlakaý meseleler ýüze çykypdy. Şonuň üçin ol emeli koma ýagdaýyna geçirilipdi, emma ol ýagdaýdan çykyp bilmedi.

Hassahananyň resmi beýanatynda şeýle diýilýär: "Buharestiň gyssagly kömek uniwersitet hassahanasy 2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde, sişenbe güni sagat 20:30 töwereginde (Aşgabat wagty bilen 22:30-da) jenap Mirça Luçeskunyň aradan çykandygyny habar berýär. Ol Rumyniýanyň iň üstünlikli tälimçileriniň we futbolçylarynyň biri bolup, 1984-nji ýylda milli ýygyndyny ilkinji gezek Ýewropa çempionatyna çykarmagy başaran hünärmen boldy. Nesiller onuň keşbi bilen ösdi we ony milli nyşan hökmünde kabul etdi. Goý, onuň jaýy jennetde bolsun".

Mirça Luçesku futbol dünýäsinde uly yz galdyran tälimçileriň biri hökmünde tanalýardy. Ol uzak ýyllap «Şahtýor» toparyna ýolbaşçylyk edip (2004–2016), toparyň taryhyndaky ýeke-täk Ýewropa kubogyny – 2009-njy ýylda UEFA kubogyny gazanmaga ýetirdi.

Şeýle-de ol dürli ýyllarda «Inter», «Dinamo Kiýew», «Galatasaraý» we «Beşiktaş» ýaly toparlarda hem-de Rumyniýanyň milli ýygyndysynda işledi. Tälimçi bir döwürde «Zenit» toparyna hem ýolbaşçylyk etdi.

Soňky ýyllarda Mirça Luçesku Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup işledi we ömrüniň ahyryna çenli futbol bilen baglylykda galdy.