Serie A. "Napoli" - "Milany" ýeňip, çempionlyk göreşini dowam etdirýär

Italiýanyň Seriýa A çempionatynyň 31-nji tapgyrynda «Napoli» topary öz meýdançasynda «Milan» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň ykbaly bir gol bilen çözüldi – 79-njy minutda Matteo Politano takyk urgusy bilen toparyna möhüm ýeňiş getirdi. Oýun dartgynly ýagdaýda geçdi we soňky minutlara çenli intriga saklandy, emma «Milan» hasaby deňläp bilmedi.

Bu ýeňişden soň «Napoli» 65 utuk bilen ikinji ornuny berkitdi we 72 utukly lider «Interiň» yzyndan gelýär. «Milan» bolsa 63 utuk bilen üçünji orunda galdy.

Şol bir wagtyň özünde toparyň prezidenti Aurelio De Laurentis toparyň baş tälimçisi Antonio Konteni Italiýanyň milli ýygyndysyna goýbermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada "La Gazzetta dello Sport" neşiri habar berýär. Toparyň ýolbaşçysy tälimçiniň milli ýygyndyda işlemek mümkinçiligine päsgel bermek islemeýändigine garamazdan onuň şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam edýär.

Antonio Konte ozal hem Italiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edipdi (2014–2016 ýyllar) we topary Ýewro-2016-da çärýek finala çenli alyp çykypdy. Geçen möwsümde bolsa ol «Napoli» bilen Seriýa A-nyň çempiony boldy.

Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçi wezipesi ýakynda boşady. Jennaro Gattuzo Bosniýa we Gersegowina garşy DÇ–2026-nyň saýlama pleý-off oýnunda ýeňlişden soň wezipesinden gitdi (1:1, penaltiler — 1:4). Şeýlelikde, italýanlar yzly-yzyna üçünji gezek Dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmez.

DÇ–2026 ABŞ, Kanada we Meksika ýurtlarynda geçiriler. Häzirki dünýä çempiony Argentina bolup, olar 2022-nji ýylyň finalynda Fransiýany penaltiler arkaly ýeňipdi.