APL. Bernardu Silwa möwsümden soň "Sitiden" gider

«Mançester Siti» toparynyň kapitany Bernardu Silwa häzirki möwsüm tamamlanandan soň topary terk eder. Bu barada toparyň baş tälimçisiniň kömekçisi Pep Linders habar berdi.

Tälimçiniň sözlerine görä, portugaliýaly futbolçy topar üçin örän aýratyn oýunçy bolup, onuň ornuny doldurmak mümkin däl: "Bernardu örän özboluşly futbolçy. Onuň oýny dolandyrşy, hereketi, topy kabul edişi we topary öňe alyp gitmegi – bularyň ählisi üýtgeşik. Şeýle oýunçynyň ýoklugy hatda bir oýunda-da duýulýar, indi bolsa bütin möwsüm onsuz nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň" - diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de Pep Linders futbolçynyň möwsümiň soňky bölegini üstünlikli geçirip, janköýerler bilen mynasyp hoşlaşmagyna umyt bildirdi: "Her bir owadan hekaýa bir gün tamamlanýar. Ol janköýerleriň hormatyna mynasyp" - diýip belleýär.

Bernardu Silwa 2017-nji ýyldan bäri «Mançester Sitide» çykyş edip, toparyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi we alty gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy.

Häzirki möwsümde ol ähli ýaryşlarda 43 duşuşykda çykyş edip, 3 gol geçirdi we 5 asist berdi.

Möwsüm tamamlanandan soň onuň şertnamasy tamamlanýar we ol erkin agent hökmünde topary terk eder. Häzirki wagtda futbolça esasy gyzyklanma bildirýän toparlaryň arasynda «Barselona» agzalýar.

30 tapgyrdan soň «Mançester Siti» 2-nji orny eýeleýär we «Arsenal» toparyndan 9 utuk yzda galýar.