Türkmenistan U17 ýygyndysy "CAFA"-2026 ýaryşyna başlaýar
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli milli ýygyndysy Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) 2026-njy ýylyň çempionatyndaky toparçada ilkinji duşuşygyny Täjigistanyň ýaşlar ýygyndysyna garşy geçirer. Oýun 6-njy aprelde Daşkent şäherinde sagat 17:00-da başlanar. Bu barada "Türkmenportal" habar berýär.
Bu ýaryşda jemi bäş milli ýygyndy gatnaşýar we duşuşyklar bir aýlaw görnüşinde geçirilýär. Ýeňiji iň köp utuk toplan topar boýunça kesgitlener. Ähli oýunlar "CAFA"-nyň resmi "YouTube" sahypasynda göni ýaýlymda görkeziler.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna häzirki möwsümde 44 ýaşly tälimçi Azat Muhadow ýolbaşçylyk edýär. Geçen ýylda toparyň öňki tälimçisi Ahmet Allaberdyýewiň ýolbaşçylygynda taryhy üstünlik gazanylypdy – 2025-nji ýylda Daşkentde geçirilen "CAFA" çempionatynda türkmen futbolçylary ilkinji gezek bürünç medallara mynasyp bolup, üçünji orun üçin oýunda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny penaltiler tapgyrynda ýeňipdi.
Şeýle-de geçen ýylky ýaryşyň ýeňijisi Täjigistanyň ýygyndysy bolupdy. Olar finalda Özbegistanyň ýygyndysyny 4:3 hasabynda ýeňipdi.
Türkmenistanyň U17 ýygyndysynyň "CAFA"–2026-daky duşuşyklarynyň tertibi:
6-njy aprel — Türkmenistan – Täjigistan (17:00)
7-nji aprel — Owganystan – Türkmenistan (17:00)
11-nji aprel — Türkmenistan – Özbegistan (17:00)
13-nji aprel — Gyrgyzystan – Türkmenistan (14:00)

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


