TÝL - 2026. "Arkadag" we "Altyn Asyr" uly hasaply ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň ýokary ligasynyň 2026-njy ýyl möwsüminiň ilkinji tapgyrynyň 5-nji aprelde geçirilen galan duşuşyklary tamamlandy.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda geçirilen oýunda «Altyn Asyr» topary «Aşgabat» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Gollary 18-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Mekan Aşyrow, 31-nji minutda Şatlyk Gurbanow (öz derwezesine), 35-nji minutda Röwşen Halmämmedow we 90+3-nji minutda Hoşgeldi Hojowow geçirdi. «Aşgabat» toparynyň ýeke-täk goluny 49-njy minutda Wahyt Orazsähedow öz adyna ýazdyrdy.
"Aşgabat" stadionynda geçirilen başga bir duşuşykda bolsa «Arkadag» topary «Merw» toparyny 7:1 hasabynda ýeňdi. Bu oýunda gollary 21-nji minutda Rahman Myratberdiýew, 25-nji we 72-nji minutlarda Resul Hojaýew, 40-njy minutda Ilýas Çaryýew, 52-nji minutda Yhlas Toýjanow, 58-nji minutda Baýram Ataýew hem-de 63-nji minutda Didar Durdyýew geçirdi. «Merw» toparynyň ýeke-täk goluny 78-nji minutda Awdyresul Abdyýew geçirdi.
Ýatladyp geçsek, 4-nji aprelde geçirilen duşuşyklarda «Şagadam» topary «Nebitçi» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi, «Ahal» topary bolsa «Köpetdag» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykypdy.
Türkmenistanyň ýokary ligasynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 11-nji hem-de 12-nji aprelde geçiriler. Onda «Merw» topary «Nebitçi» bilen, «Aşgabat» topary «Şagadam» bilen, «Köpetdag» topary «Altyn Asyr» bilen hem-de «Arkadag» topary «Ahal» bilen güýç synanyşar.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


