La Liga. "Real" ýeňildi, "Barselona" arany açdy

Ispaniýanyň La Liga ýaryşynyň 30-njy tapgyrynda çempionlyk ugrundaky göreşde möhüm üýtgeşmeler boldy.

Madridiň «Real» topary myhmançylykda «Malýorka» toparyndan 1:2 hasabynda ýeňildi. Oýunda ilkinji goly 42-nji minutda Morlanes geçirdi. Duşuşygyň ahyrynda Eder Militao 88-nji minutda hasaby deňläp, toparyna umyt berdi. Emma goşmaça wagtda Wedat Muriki ýeňiş goluny geçirip, «Realy» ýeňlişe sezewar etdi.

Bu utulyşdan soň «Real» 69 utukda galdy we çempionlyk göreşinde yzda galdy. Toparyň indiki duşuşygy 8-nji aprelde Çempionlar ligasynda «Bawariýa» bilen bolar.

Şol bir wagtyň özünde «Barselona» myhmançylykda Madridiň «Atletiko» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ilkinji ýarymda 39-njy minutda Huliano Simeone hasaby açsa, 42-nji minutda Markus Reşford deňledi. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynda Niko Gonsales gyzyl kart aldy we «Atletiko» azlykda galdy.

Ikinji ýarymda «Barselona» artykmaçlygyny diňe ahyrda peýdalanyp bildi – 88-nji minutda Robert Lewandowski ýeňiş goluny geçirdi.

Bu ýeňişden soň «Barselona» 76 utuk bilen birinji orny berkidip, «Real» bilen aralygy 7 utuga çenli artdyrdy. «Atletiko» bolsa 57 utuk bilen dördünji orna düşdi.

Bu ýagdaýdan peýdalanan «Wilýarreal» 58 utuk bilen üçünji orna çykdy. «Betis» 45 utuk bilen bäşinji ýerde barýar we Ýewrokuboklar üçin göreş dowam edýär.

Çempionatyň aşaky böleginde hem ýagdaý dartgynly. Häzirki wagtda düşme zolagynda «Elçe» (29 utuk), «Lewante» (26 utuk) we «Real Owýedo» (21 utuk) ýerleşýär.