TÝB - 2026. 4-nji aprelde uly hasap we deňlik
Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 2026-njy ýyl möwsüminiň ilkinji tapgyrynyň galan duşuşyklary 4-nji aprelde geçirildi.
Günüň iň uly hasaply ýeňşi «Arkadag II» toparyna degişli boldy. Olar «Merw II» toparyny 8:0 hasabynda ýeňdi. Gollary 19-njy minutda Nurýagdy Baýramow, 45-nji minutda Begenç Agajumaýew, 61-nji minutda Kerwen Niýazow, 64-nji minutda Pälwan Annaýew, 77-nji minutda Eduard Sarkisýan, 83-nji we 89-njy minutlarda Saparmyrat Annadurdyýew hem-de 87-nji minutda Annamuhammet Rejepow geçirdi.
Beýleki duşuşykda bolsa «Altyn Asyr II» topary bilen «Aşgabat II» toparynyň arasyndaky oýun 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlandy. Bu oýunda «Aşgabat II» toparynyň goluny 6-njy minutda Medet Hojamuhammedow geçiren bolsa, «Altyn Asyr II» topary 45+1-nji minutda Weýisgeldi Hojamuhammedow arkaly hasaby deňledi.
Ýatladyp geçsek, 3-nji aprelde geçirilen ilkinji duşuşyklarda «Ahal II» topary «Köpetdag II» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi, «Nebitçi II» topary bolsa «Şagadam II» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


