Italiýanyň şowsuzlygyndan soň federasiýada uly üýtgeşmeler boldy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň Dünýä çempionatyna çykyp bilmezligi ýurtda uly seslenme döretdi. Üçünji gezek yzly-yzyna Dünýä çempionatyndan daşarda galmak futbol jemgyýetiniň hem-de syýasatçylaryň güýçli basyşyna sebäp boldy.

2-nji aprelde geçirilen adatdan daşary mejlisde Italiýanyň futbol federasiýasynyň prezidenti Gabriele Grawina wezipesinden çekilmek kararyna geldi. Şeýlelikde, federasiýa täze ýolbaşçysyz galdy we täze prezidentiň saýlawlary 22-nji iýunda geçiriler. Grawina bu wezipede 2018-nji ýylyň oktýabryndan bäri işleýärdi. Onuň döwründe Italiýa Ýewro-2020-de çempion boldy, emma 2022 we 2026-njy ýyllaryň Dünýä çempionatlaryna çykyp bilmedi.

Şeýle hem başga möhüm kararlar kabul edildi. Italiýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezeçisi, ady rowaýata öwrülen Janluiji Buffon milli ýygyndynyň utgaşdyryjysy wezipesini terk etdi. Ol bu wezipede 2023-nji ýyldan bäri işleýärdi we baş tälimçi Jennaro Gattuzo bilen bilelikde iş alyp barýardy. Buffon futbolçy hökmünde 1997-nji ýylda milli ýygyndyda çykyş edip başlap, 176 duşuşyk geçirdi we 2006-njy ýylda Dünýä çempiony boldy.

Şeýle-de, soňky maglumatlara görä, baş tälimçi Jennaro Gattuzo hem ýakyn günlerde wezipesinden gitmäge taýýar. Çeşmelere görä, onuň bu karary Italiýanyň Dünýä çempionatyna çykyp bilmezliginden soň kabul edilip, federasiýada uly üýtgeşmeleriň bir bölegi bolar.

Italiýanyň şowsuzlygyna Ýewropanyň futbol ýolbaşçylary hem ses berdi. Aleksandr Çeferin federasiýanyň öňki ýolbaşçysyny gorap çykyş edip, şeýle diýdi:

"Men Sloweniýanyň federasiýasynyň prezidenti bolanymda, hemişe tälimçä şeýle diýýärdim: "Eger sen ýeňseň, sen hem-de oýunçylar gahryman bolarsyňyz. Eger utulsaň, jogapkärçilik ikimiziň üstümizde bolar". Bu ýagdaýda bu doly Gabriele Grawinanyň jogapkärçiligi däl we men ne oýunçylary, ne-de tälimçini tankyt ederdim. Belki, italiýaly syýasatçylar özlerine bir sorag bermelidirler: näme üçin Italiýada Ýewropanyň iň pes futbol infrastrukturalarynyň biri bar?"

Hakykatdan hem, infrastruktura bilen bagly meseleler bar. Mysal üçin, "San Siro" stadiony ýagdaýynyň pesligi sebäpli 2027-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyny kabul etmek hukugyndan mahrum boldy. Şeýle hem Bari şäherindäki "San Nikola" stadiony Ýewro-2032-ni geçirmek üçin düýpli abatlaýyş işlerine mätäç, emma ýerli häkimiýetlerde munuň üçin maliýe serişdeleri ýeterlik däl.

Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysynyň soňky şowsuzlygy diňe sport taýdan däl, eýsem dolandyryş we infrastruktura derejesinde hem uly üýtgeşmelere ýol açdy.