"LEGO" DÇ-2026-nyň öňüsyrasynda ýyldyzly mahabat çykardy

Dünýä belli konstruktor öndürijisi "LEGO" 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda birnäçe täze toplum çykaryp, uly mahabat kampaniýasyna başlady.

Şol toplumlaryň biri Dünýä kubogy görnüşinde taýýarlanyp, onuň mahabat roliginde Dünýä futbolynyň iň uly ýyldyzlary çykyş etdi. Rolikde Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi, Kilian Mbappe we Winisius Žunior gatnaşdy.

Mahabatda futbolçylar ilki bilen Dünýä kubogy görnüşindäki konstruktory bilelikde ýygnap gutarýarlar. Ondan soň olaryň her biri öz şekilini kubogyň ýokarsyna goýjak bolýar. Emma bu aňsat bolmaýar, sebäbi stol yzygiderli aýlanýar we hiç biri maksadyna ýetip bilmeýär.

Bu toplum janköýerler üçin hem elýeterlidir, emma onuň bahasy arzan däl. "LEGO"-nyň resmi saýtynda onuň bahasy 200 dollar töweregi bolup, bu eltip berme çykdajylaryny hasaba almazdan görkezilýär.

2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty ABŞ, Kanada we Meksika ýurtlarynda geçiriler we 11-nji iýunda başlanar. Portugaliýa, Argentina, Fransiýa we Braziliýa ýaly milli ýygyndylar ýaryşyň esasy dalaşgärleriniň hataryna girýär. Häzirki wagtda Dünýä çempionaty kubogynyň eýesi Argentina bolup durýar.