40 ýaşly Edin Jeko ýygyndysyny DÇ-a çykardy we "Şalkede" parlap başlady
Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysynyň tejribeli hüjümçisi Edin Jeko 40 ýaşynda hem ýokary derejede çykyş edip, hem toparynda, hem-de milli ýygyndyda esasy rol oýnamagyny dowam etdirýär.
Mart aýynda 40 ýaşyny dolduran Jeko şu gyşda «Fiorentina» toparyndan erkin agent hökmünde «Şalke» goşuldy we täze toparynda dessine täsirini görkezdi. Ol Bundesliganyň 2-nji ligasynda 8 duşuşykda 6 gol we 3 asist edip, diňe iki oýunda tapawutlanyp bilmedi. Şeýle netijelilik bilen ol eýýäm toparyň iň netijeli oýunçylarynyň birine öwrüldi we iň köp gol geçirenleriň arasynda ikinji orny eýeleýär.
Jekonyň ýokary netijeliligi «Şalkeniň» ligadaky ýagdaýyna hem güýçli täsir etdi. Topar birinji orna çykdy we ýokary liga göni çykmak üçin uly mümkinçilik gazandy. Janköýerler hem onuň çykyşlaryny ýokary bahalandyryp, minnetdarlyk hökmünde toparyň bazasyna öz elleri bilen taýýarlanan Bosniýa nahary – çewapçiçi getirdiler. Futbolçy bu nahary 10-dan 9 bal bilen bahalandyrdy.
«Şalke» diňe hüjümde däl, goragda hem örän ynamly çykyş edýär. Topar 27 tapgyrda bary-ýogy 24 gol geçirtdi we bu görkeziji ligadaky iň gowy netije bolup durýar. Bu üstünlikde derwezeçi Loris Karius we baş tälimçi Miron Musliç uly rol oýnaýar.
Jeko milli ýygyndyda hem möhüm üstünlik gazandy. Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy onuň gatnaşmagynda Dünýä çempionatyna çykmagy başardy.
Käbir janköýerler onuň Italiýa garşy oýunda egninden alan şikesi sebäpli alada eden hem bolsalar, bu şikesiň çynlakaý däldigi belli boldy. Hatda Jeko şol oýundan soň penalti tapgyrynda urgyny ýerine ýetirmäge hem taýýar bolupdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


