Jennaro Gattuzo wezipesinden gidýär

Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Jennaro Gattuzo ýakyn wagtda wezipesini terk eder. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.

Bu karar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky çözgüt beriji duşuşykdan soň kabul edildi. Italiýanyň milli ýygyndysy Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy bilen geçirilen oýunda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady, emma penalti tapgyrynda 1:4 hasabynda ýeňildi we mundiala çykmak mümkinçiligini ýitirdi.

Maglumata görä, tälimçini wezipesinden boşatmak karary eýýäm kabul edildi. Saýlama tapgyryndaky pes netijeler esasy sebäp boldy.

Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek yzly-yzyna üçünji gezek Dünýä çempionatyndan daşda galdy. Italiýalylar soňky gezek bu ýaryşa 2014-nji ýylda gatnaşypdy.

Jennaro Gattuzo 2025-nji ýylda milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenipdi. Ondan öň onuň tälimçilik ýolunda «Haýduk», «Marsel», «Napoli» we «Milan» ýaly toparlar bar.