Malaýziýa galp resminamalar sebäpli Aziýa kubogyndan çetleşdirildi
Malaýziýanyň milli ýygyndysy 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogyna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi. Bu ýagdaýyň sebäbi hökmünde FIFA tarapyndan birnäçe futbolçynyň çetleşdirilmegi görkezildi.
Bellenilişi ýaly, milli ýygyndynyň ýedi oýunçysy raýatlyk bilen bagly galplyklar sebäpli oýunlardan çetleşdirildi. Federasiýa tarapyndan iberilen resminamalarda bu futbolçylaryň (Argentina, Ispaniýa, Braziliýa we Gollandiýadan gelen) malaýziýaly kökleriniň bardygy, olaryň ata-babalarynyň üsti bilen baglanyşygy görkezildi.
Emma geçirilen barlaglar bu maglumatlaryň galpdygyny ýüze çykardy. Hakykatda görkezilen garyndaşlaryň Malaýziýa bilen hiç hili baglanyşygy bolmandygy anyklandy.
Bu ýagdaýda iň geň galan pursatlaryň biri Gabriel Palermo bilen bagly boldy. Ol FIFA-nyň düzgün-nyzam komitetinde çykyş edip, şeýle diýdi: "Meniň atam Wenesuelada, enem bolsa Ispaniýada doglan. Bagyşlaň, men Malaýziýada diýmek isledim".
Netijede, Malaýziýanyň milli ýygyndysynyň Nepal we Wýetnam ýygyndylaryna garşy gazanan ýeňişleri ýatyryldy. Şonuň bilen topar toparçada üçünji orna düşdi we Aziýa kubogy–2027-ä çykmak mümkinçiliginden mahrum boldy.

Şeýlelikde, galp resminamalar sebäpli Malaýziýanyň milli ýygyndysy möhüm ýaryşdan daşda galdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


