APL. "Sitide" mart aýynyň iň gowy oýunçysy Husanow boldy
Angliýanyň «Mançester Siti» toparynda mart aýynyň iň gowy oýunçysy hökmünde Abdukodir Husanow saýlandy. Özbegistanly goragçy janköýerleriň ses bermeginde ynamly ýeňiş gazanyp, toparyň esasy oýunçylary Rodri we Žeremi Dokudan öňe geçdi.

Mart aýynda Husanow ähli ýaryşlarda alty duşuşyk geçirip, toparynyň üstünliklerine uly goşant goşdy. Ol Liganyň kubogynyň finalynda «Arsenal» toparyna garşy geçirilen duşuşykda doly 90 minut çykyş edip, «Sitiniň» 2:0 hasabyndaky ýeňşine ýardam etdi we kubogyň gazanylmagyna goşant goşdy.
Şeýle-de goragçy Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Real Madrid» toparyna garşy geçirilen duşuşyklarda hem doly oýnady we ynamly çykyş etdi.
Umuman, 2025/26 möwsüminde Abdukodir Husanow «Sitiniň» düzüminde ähli ýaryşlarda 21 duşuşyk geçirdi.
Bu onuň 2026-njy ýylda eýýäm ikinji şeýle baýragydyr. Ondan öň ol ýanwar aýynda hem toparyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanypdy.
«Mançester Siti» öz sosial ulgamlarynda futbolçy barada "biziň özbek super ýyldyzymyz" diýip ýazdy.
Toparyň indiki duşuşygy 4-nji aprelde geçiriler. Bu oýunda «Mançester Siti» Angliýanyň kubogynyň çärýek finalynda «Liwerpul» topary bilen duşuşar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


