Türkmenistan ak, Taýland gök reňkli köýnekçede meýdança çykar

Türkmenistanyň milli ýygyndysy şu gün Aziýa kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Taýlandyň milli ýygyndysy bilen duşuşyk geçirer. Oýun Bangkok şäherindäki "Rajamangala" stadionynda Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlanar.

Bu duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ak reňkli köýnekçede meýdança çykar, derwezeçi bolsa mämişi reňkli eşik geýer. Taýlandyň milli ýygyndysy gök reňkli köýnekçede çykyş eder, olaryň derwezeçisi bolsa gyzyl reňkli eşikde bolar.

Duşuşyk häzirki ýagdaýda toparça üçin aýratyn möhümdir. Türkmenistanyň milli ýygyndysy häzirki wagtda toparçada birinji orny eýeleýär we Aziýa kubogy–2027-ä ýollanma almak üçin bu oýunda ýeňilmezlik hem ýeterlik bolar.