Türkmenistan - Taýland: çözgüt beriji duşuşyk öňde
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde möhüm duşuşykda Taýlandyň milli ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Bu oýun topar üçin çözgüt beriji bolup, Aziýa kubogyna ýol aljak-toparyň ykbalyny kesgitläp biler.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bu duşuşyk üçin düzümi:
Derwezeçiler: Rasul Çaryýew, Rüstem Ahallyýew, Kakageldi Berdyýew
Goragçylar: Mekan Saparow, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Yhlas Toýjanow, Guýçmyrat Annagulyýew, Hakmuhammet Bäşimow, Arzuwguly Sapargulyýew
Ýarymgoragçylar: Ýazgylyç Gurbanow, Rahman Myratberdiýew, Mirza Beknazarow, Welmyrat Ballakow, Elman Tagaýew, Teýmur Çaryýew, Resul Hojaýew
Hüjümçiler: Meýlis Diniýew, Didar Durdyýew, Daýanç Meredow, Mihail Titow, Şamämmet Hydyrow
Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow çykyş edip: "31-nji martdaky duşuşyk çözgüt beriji bolar" diýip aýtdy. Şeýle-de ol toparyň doly taýýarlyk görendigini, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň üstünlikli geçendigini nygtady we garşydaşyň güýçlüdigini belläp geçdi.
Toparyň oýunçysy Elman Tagaýew hem duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy: "Biz oýna taýýar. Ilkinji oýunda 3:1 hasabynda ýeňdik, emma bu gezek hem diňe ýeňiş hakda pikir edýäris" diýip belledi.
Duşuşyk 31-nji martda Bangkok şäherindäki "Rajamangala" stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlanar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparçada birinji orny eýeleýär, Taýland bolsa goşmaça görkezijiler boýunça yza galýar. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna birinji orny saklamak we Aziýa kubogy–2027-ä ýollanma almak üçin bu duşuşykda ýeňilmezlik hem ýeterlik bolar.
Duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ak eşikde, derwezeçisi mämişi reňkde meýdança çykar. Taýlandyň milli ýygyndysy bolsa gök eşikde, derwezeçisi gyzyl reňkde çykyş eder.
Tehniki maslahatda duşuşyk üçin birnäçe möhüm düzgünler yglan edildi. Bu oýunda "VAR" ulgamy ulanylmaz. Şeýle-de IFAB-yň 2025/26 düzgünine laýyklykda täze kadalar güýje girer: eger derwezeçi topy 8 sekuntdan köp saklasa, garşydaş toparyň peýdasyna derrew burç urgusy belleniler. Şeýle-de toparlaryň utuklary deň bolan ýagdaýynda, ilkinji nobatda özara duşuşyklaryň netijeleri göz öňünde tutular.
Duşuşyk göni ýaýlymda "Thairath TV Channel 32" teleýaýlymy arkaly, şeýle-de şol kanalyň "Facebook: we "YouTube" sahypalarynda görkeziler.
Türkmenistanyň we Taýlandyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen soňky bäş duşuşyk:
23 mart 1994: Taýland 1–2 Türkmenistan
25 mart 1994: Taýland 0–0 Türkmenistan
21 noýabr 1998: Taýland 3–3 Türkmenistan
27 maý 2002: Taýland 1–0 Türkmenistan
10 iýun 2025: Türkmenistan 3–1 Taýland

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


