Angliýanyň milli ýygyndysy Ýewropanyň iň gymmat düzümine eýe boldy

"Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, Angliýanyň milli ýygyndysy häzirki wagtda Ýewropanyň iň gymmat düzümine eýe bolan topar boldy.

Iňlisleriň umumy düzüm bahasy 1,62 milliard ýewro diýlip bahalandyrylýar. Bu görkeziji ähli milli ýygyndylaryň arasynda iň ýokary netije bolup durýar.

Sanawda ikinji orny Fransiýanyň milli ýygyndysy eýeleýär – olaryň düzüm bahasy 1,35 milliard ýewro barabar. Üçünji ýerde bolsa Ispaniýanyň milli ýygyndysy ýerleşýär, olaryň görkezijisi 1,31 milliard ýewro.

Iň gymmat bäş milli ýygyndynyň hataryna şeýle-de Portugaliýanyň milli ýygyndysy (865 million ýewro) we Italiýanyň milli ýygyndysy (839 million ýewro) girýär.

Şeýle hem ilkinji onlugy Germaniýanyň milli ýygyndysy (774 million ýewro), Gollandiýanyň milli ýygyndysy (766 million ýewro), Belgiýanyň milli ýygyndysy (524 million ýewro), Norwegiýanyň milli ýygyndysy (504 million ýewro) hem-de Türkiýäniň milli ýygyndysy (453 million ýewro) tamamlaýar.