Transfer. "Barselona" Alessandro Bastoni bilen gyzyklanýar

Ispaniýanyň "Marca" neşiriniň habar bermegine görä, Italiýanyň «Inter» toparynyň merkezi goragçysy Alessandro Bastoni «Barselona» toparyna geçmäge razylyk berdi.

Maglumatlara görä, milan topary öz oýunçysyny takmynan 70 million ýewro bahalandyrýar. Emma «Barselona» häzirki wagtda şeýle mukdary tölemäge taýýar däl we ilkinji nobatda hüjüm hataryny güýçlendirmegi ileri tutýar.

Häzirki möwsümde Alessandro Bastoni ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 35 duşuşykda meýdança çykyp, iki gol geçirdi we alty asist berdi.

Goragçynyň «Inter» bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. "Transfermarkt" portalyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy takmynan 80 million ýewro barabar.