Angliýanyň milli ýygyndysynda birnäçe oýunçy şikes sebäpli lageri terk etdi
Angliýanyň milli ýygyndysynyň birnäçe esasy oýunçysy şikes şübhesi sebäpli ýygyndynyň lagerini terk etdi. «Arsenal» toparynyň futbolçylary Deklan Raýs we Bukaýo Saka hem bu sanawda bar.
Maglumatlara görä, bu iki futbolçy ýakyn wagtda goşmaça lukmançylyk barlagyndan geçiriler.
Şeýle-de, Jon Stouns, Noni Madueke öz toparlaryna dolanýar.
Mundan başga-da, Aaron Ramsdeýl, Fikaýo Tomori, Adam Uorton we Dominik Kalwert-Lýuin hem Angliýanyň milli ýygyndysynyň türgenleşik lagerini terk etdiler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


