Bir wagtda iki milli ýygynda çagyryldy
Fransiýanyň «Oser» toparynyň goragçysy Marwen Senaýa bir wagtda iki dürli milli ýygyndynyň sanawyna düşüp, geň ýagdaýyň merkezine öwrüldi. Ol bir tarapdan Gananyň milli ýygyndysynyň Awstriýa we Germaniýa garşy duşuşyklary üçin çagyrylsa, beýleki tarapdan Togonyň milli ýygyndysy hem ony öz düzümine goşdy.
Has geň tarapy, iki federasiýa hem futbolçynyň hut özlerine oýnamaga razylyk berendigini mälim etdi.
Bu ýagdaý oýunçynyň gelip çykyşynyň çylşyrymlylygy bilen baglanyşykly. Marweniň kakasy Ýao Senaýa öň Togonyň milli ýygyndysynda çykyş edipdi, emma onuň ganaly kökleri hem bar. Şonuň üçin ogly birnäçe milli ýygyndynyň arasynda saýlaw edip bilýär.
Ýao Senaýa bolsa Togonyň futbol federasiýasyny berk tankyt etdi. Onuň sözlerine görä, hiç kim olaryň maşgalasy bilen habarlaşmandyr we oýunçynyň sanawa goşulmagy hiç hili tassyklamasyz amala aşyrylypdyr. Ol bu ýagdaýy professional däl diýip atlandyrdy.
Gyzykly ýagdaýlaryň ýene biri — Marwen Senaýa aslynda Fransiýada doglup, şol ýerde ulalypdyr we karýerasynyň ähli bölegini diýen ýaly fransuz toparlarynda geçiripdir. Şeýle-de bolsa, goragçy saýlawyny Gananyň milli ýygyndysynyň peýdasyna etdi.
Ol bu karary barada çykyş edip: "Men beýik milli ýygynda wekilçilik etmekden buýsanç duýýaryn" diýip belledi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


