La Liga. "Real" Niko Pasy yzyna alyp biler, Sebalýos bolsa gitmäge ýakyn

«Real Madrid» topary tomusky transfer penjiresiniň öňüsyrasynda ilkinji ädimlerini ädip başlady. Bu barada meşhur žurnalist Fabrizio Romano habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, Madrid toparynyň ilkinji mümkin bolan täze oýunçysy hökmünde Italiýanyň «Komo» toparynda çykyş edýän ýarymgoragçy Niko Pas görkezilýär. «Real Madrid» öz öňki ýaş oýunçysynyň ýagdaýyny doly gözegçilikde saklaýar we ony uzak möhletli taslamanyň möhüm bölegi hökmünde görýär.

Niko Pas 2024-nji ýylda «Koma» geçipdi, emma «Real Madrid» onuň yzyna satyn almak hukugyny saklap galdy. Şertnama laýyklykda, oýunçyny yzyna almak bahasy şu tomus takmynan 9 million ýewro bolar, indiki ýylda bolsa bu görkeziji 10 million ýewro çenli ýokarlanar. Şeýle-de şertnamada onuň geljekde satylan ýagdaýynda göterim almak barada şert hem bar.

Şol bir wagtyň özünde, toparyň düzüminde üýtgeşmeler hem garaşylýar. Maglumatlara görä, «Realyň» ýarymgoragçysy Dani Sebalýos oýun wagtynyň azlygy sebäpli topardan gitmegi göz öňünde tutýar. Çeşmelere görä, ol 2026-njy ýylda topary terk edip biler.