ABŞ-da DÇ–2026 öňüsyrasynda janköýerler üçin ulag bahalarynyň ýokarlanmagy meýilleşdirilýär

Soňky iri futbol ýaryşlarynda — 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda we Ýewro-2024-de — janköýerler üçin möhüm ýeňillikleriň biri hökmünde oýun biletleri bolanlara jemgyýetçilik ulaglarynyň mugt bolmagy ýola goýlupdy. Emma ABŞ-da geçiriljek DÇ–2026-nyň öňüsyrasynda bu ugurda başgaça çemeleşme saýlanyldy.

"The Athletic" neşiriniň maglumatlaryna görä, Boston şäheriniň häkimiýeti tersine ädim ätmegi meýilleşdirýär — jemgyýetçilik ulaglarynyň bahalaryny birnäçe esse ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Adaty ýagdaýda şäher merkezindäki stansiýalardan stadiona baryp-gaýdýan ýol üçin töleg 20 dollar töweregi bolupdy.

Bu ugurdaky ilkinji synag Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen Fransiýanyň milli ýygyndysynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda geçirildi. Şonda ýol tölegi 30 dollara çenli ýokarlandyryldy we hiç hili ýeňillikler hödürlenmedi.

Soňky meýilnamalara görä, Dünýä çempionaty döwründe ulag üçin baryp-gaýdýan bilet bahasy 75 dollara çenli ýokarlanyp biler. Bu bolsa janköýerler üçin goşmaça maliýe ýüküni döredýär.

Mundan başga-da, oýunlaryň biletleriniň hem örän gymmat bolmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, DÇ–2026-nyň dowamynda janköýerler diňe bir stadion däl, eýsem şäher içindäki hereket üçin hem ýokary çykdajy etmeli bolar.