MLS. Lionel Messiniň ady täze stadionyň tribunasynda bakylaşdyryldy
«Inter Maýami» toparynyň ýyldyzy Lionel Messi futbol taryhynda ýene bir täsin üstünlige eýe boldy. Topar tarapyndan berlen resmi maglumatlara görä, toparyň täze döwrebap stadiony bolan "Miami Freedom Park" arenasynda tribunalaryň birine Messiniň ady berildi.

Şeýlelikde, argentinaly futbolçy dünýäde ilkinji bolup henizem çykyş edýän ýagdaýynda öz ady dakylan stadion tribunasy bilen meýdança çykjak oýunçy hökmünde taryha girer.
Bu çözgüt onuň Amerikada futbolyň ösmegine ýetiren ägirt uly täsirini görkezýär we onuň topar üçin näderejede möhüm şahsyýetdigini tassyklaýar.
Lionel Messi bu waka bilen bagly şeýle diýdi: "Bu meniň üçin uly hormat. Öz adymyň stadionyň bir bölegine berilmegi aýratyn duýgy. Bu diňe meniň däl, eýsem bu toparyň we janköýerleriň üstünlikleriniň nyşany. Men bu ýerde çykyş edip, bu köýnekçäni geýip, janköýerler üçin göreşmegi dowam etdirerin."

"Miami Freedom Park" stadionynyň açylyş dabarasy 4-nji aprelde geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


