78 ýaşly Roý Hojson "Bristol Sitiniň" baş tälimçisi boldy

Angliýanyň Çempionşip ligasynda çykyş edýän «Bristol Siti» topary tejribeli tälimçi Roý Hojsony baş tälimçi wezipesine belledi. 78 ýaşly hünärmen möwsümiň ahyryna çenli topara ýolbaşçylyk eder.

Roý Hojson bellenilmegi baradaky beýanatynda ýolbaşçylar bilen geçirilen gepleşikleriň örän oňyn geçendigini aýtdy we topara kömek etmäge mümkinçilik alandygyna şatdygyny nygtady. Şeýle-de ol topar bilen derrew işe başlajakdygyny we ýakyn wagtda geçiriljek oýunlarda gowy netije gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Mundan öň «Bristol Siti» baş tälimçi wezipesinden Gerhard Ştruberi boşadypdy. Häzirki wagtda topar Çempionşipde 16-njy orny eýeleýär.

Gyzykly tarapy, Roý Hojson mundan öň hem 1982-nji ýylda «Bristol Sita» ýolbaşçylyk edipdi.Ol tälimçilik karýerasynda «Liwerpul», «Blekbern», «Inter» we «Udineze» ýaly toparlarda, şeýle-de 2012–2016-njy ýyllar aralygynda Angliýanyň milli ýygyndysynda işledi.

Onuň soňky iş ýeri Londonyň «Kristal Pelas» topary bolup, ol ýerden 2024-nji ýylda gitdi.