UCL. "PSŽ" - "Liwerpul" duşuşygynyň senesi üýtgedildi
Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda «PSŽ» bilen «Liwerpul» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygynyň senesi resmi taýdan üýtgedildi. Ilki meýilleşdirilişi ýaly, oýun 15-nji aprelde geçirilmelidi, emma ol bir gün öňe – 14-nji aprele süýşürildi.
Pariž toparynyň sport direktory Luiş Kampuş bu ýagdaýyň sebäbini düşündirdi. Onuň sözlerine görä, «PSŽ» duşuşyklary 7-nji we 15-nji aprelde geçirmek isläpdi, ýöne «Liwerpulyň» haýyşy göz öňünde tutuldy.
Sebäbi 15-nji aprel «Liwerpul» üçin aýratyn gynançly senedir. Bu gün 1989-njy ýylda bolan "Hillsboro" tragediýasynyň günidir. Şol pajygaly wakada «Liwerpulyň» 97 janköýeri aradan çykdy, ýüzlerçe adam ýaralandy. Bu hadysa Britan sportuň taryhynda iň agyr betbagtçylyklaryň biri hökmünde ýatda galdy.

Şondan soň futbol stadionlarynda howpsuzlyk düzgünleri düýpgöter üýtgedildi. Hususan-da, durup tomaşa edilýän ýerler ýatyrylyp, ähli stadionlaryň oturgyçly bolmagy girizildi. Her ýyl 15-nji aprelde, sagat 15:06-da "Enfild" stadionynda we Liwerpul şäherinde bu wakanyň hatyrasyna dymyşlyk minuty geçirilýär.
Şu sebäpli «Liwerpul» 15-nji aprelde oýun geçirmekden ýüz öwürdi we «PSŽ» garşydaşynyň taryhyna hormat goýup, duşuşygy başga güne geçirmäge razy boldy.
Şeýle-de bolsa, Pariž toparynyň içerki çempionatynda hem kynçylyklar bar. «PSŽ» – «Liwerpul» bilen oýunlara taýýarlyk görmek üçin Liga 1-däki duşuşygyny süýşürmek islese-de, «Lans» topary muňa razy bolmady.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


