APL. Salah "Liwerpulyň" taryhynda iň beýik futbolçymy?
Muhammet Salah häzirki wagtda diňe bir döwrüň ýyldyzy däl, eýsem «Liwerpul» toparynyň taryhyndaky iň beýik futbolçy diýen jedelleriň merkezinde duran oýunçylaryň biridir.
Müsüriň hüjümçisi toparda gazanan görkezijileri bilen aýratyn tapawutlanýar. Ol bir wagtda «Liwerpulyň» taryhynda iň köp gol geçirenleriň hem-de iň köp asist edenleriň ilkinji üçlügine girýän ýeke-täk futbolçydyr. Ortaça görkezijiler boýunça bolsa, Salahyň netijeliligini başga hiç bir futbolçy bilen deňeşdirip bolmaýar.
Elbetde, käbir janköýerler toparyň taryhynda birinji orny Stiwen Jerrard ýa-da Ian Raş ýaly ady rowaýata öwrülen futbolçylara berýärler. Emma Jerrard topar bilen Premýer-ligany utup bilmedi, Raş bolsa «Liwerpulyň» iň güýçli döwürleriniň birinde çykyş etdi.
Salahyň döwri bolsa düýbünden başgaça boldy. Onuň gelmegi bilen «Liwerpul» täzeden dünýäniň iň güýçli toparlarynyň birine öwrüldi. 2017/2018 möwsümine çenli topar uzak ýyllap Ýewropa ligasynda çykyş edip, hatda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan çykyp bilmeýärdi. Emma Salahyň döwründe «Liwerpul» Premýer-ligada hiç haçan bäşinji orundan aşak düşmedi, üç gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy we şolaryň birinde ýeňiş gazandy. Şeýle hem topar 30 ýyllyk çempionlyk garaşygyny tamamlamagy başardy.
Salah diňe topar derejesinde däl, eýsem halkara derejesinde hem özüni görkezdi. Ol Çempionlar ligasynda 50 gol geçiren ilkinji afrikaly futbolçy boldy. Premýer-liganyň taryhynda bolsa diňe Ueýn Runi, Harri Keýn we Alan Şirer ýaly hüjümçilerden soň ýerleşýär.
Mundan başga-da, 2017/2018 möwsüminden bäri Salah Premýer-ligada iň köp gol we asist eden futbolçy hökmünde öňdeligi saklap gelýär. Bu bolsa onuň diňe bir gowy möwsüm däl-de, eýsem uzak möhletli durnukly üstünliginiň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, statistikalar, täsir we üstünlikler göz öňünde tutulanda, Salahyň «Liwerpulyň» taryhyndaky iň beýik futbolçy diýen ada dalaşgärligi örän güýçlidir.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


