La Liga. "Atletikodan" gidýän Grizmannyň durmuşyndan 10 gyzykly maglumat

Fransiýaly ýyldyz Antuan Grizmann möwsümiň ahyrynda «Atletiko Madrid» toparyndan gitmäge taýýarlanýar. Futbolçynyň karýerasyndaky bu täze tapgyr öňünde onuň şahsy durmuşy we gyzykly wakalary ýene-de üns merkezine düşdi.

Grizmann geljekki aýaly bilen 1,5 ýyl dowam eden ýazgy alyşmadan soň diňe gatnaşyp başlapdyr. Şondan soň olaryň gatnaşyklary çynlakaý häsiýete eýe bolupdyr.

2019-njy ýylda ol "Football Manager" oýnuny oýnap, «Arsenal» topary bilen özboluşly karýera gurupdyr. Fransuz ähli hakyky oýunçylary satyp, diňe dosty Aleksandr Lakazetti galdyryp, topar bilen ähli kuboklary gazanypdyr.

Futbolçynyň iň geň endikleriniň biri hem möhüm duşuşyklarda "SpongeBob" şekilli içki eşik geýmegi bolupdyr. Ol şeýle ýagdaýda hatda Ýewro-2016-da çykyş edip, ýaryşyň iň köp gol geçiren futbolçysy bolupdy.

Onuň maşgalasynda hem gyzykly tötänlik bar – dört çagasynyň üçüsi bir günde, ýagny 8-nji aprelde dünýä inipdir (2016, 2019 we 2021 ýyllarda). Diňe 2025-nji ýylyň 15-nji iýunynda dünýä inen gyzy Şai bu däbi bozdy.

Grizmann çagalygynda çeh ýyldyzy Pawel Nedwedi özüne nusga alypdyr. Hatda oňa meňzemek üçin saçyny açyk reňke hem boýapdyr.

Futbolçynyň bedeninde ýazyjy Antuan de Sent-Ekzüperiniň sözleri bilen ýazylan tatu hem bar: "Durmuşyňy arzuwyňa öwür, arzuwyňy bolsa hakykata".

2017-nji ýylda ol kino pudagynda hem özüni synap, "Lego Batman" filminiň fransuz dilindäki görnüşinde "Supermeni" seslendirdi.

Gyzykly tarapy, Grizmann Portugaliýanyň milli ýygyndysynda çykyş edip hem bilerdi. Ol ýaşlar ýygyndysyndan gije kluba gideni sebäpli çetleşdirilenden soň şeýle mümkinçilik hakda pikirlenipdi.

Ol 13 ýaşynda ene-atasynyň öýünden gidip, «Real Sosýedad» toparynyň akademiýasynda tälim almak üçin başga şähere gidipdir.

Şeýle hem Grizmann kompýuter oýunlarynyň muşdagy bolup, aýratyn-da "Fortnite" oýnuny halaýar. 2020-nji ýylda ol hatda meşhur awtoýaryşçy Şarl Lekler bilen bilelikde bu oýny göni ýaýlymda oýnapdy.

Şeýle gyzykly durmuş ýoly bolan Grizmann «Atletiko Madridden» gitmäge taýýarlanýar we janköýerler onuň täze sahypasyny uly gyzyklanma bilen garaşýarlar.