APL. Salah "Liwerpuldan" gidýändigini yglan etdi

Müsüriň ýyldyzy Mohammed Salah möwsümiň ahyrynda «Liwerpul» toparyndan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi.

Futbolçy sosial torlarda ýerleşdiren wideosynda bu kararynyň 2025/2026 möwsüminiň soňunda güýje girjekdigini aýtdy. Onuň häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýän hem bolsa, Salah topardan öňräk gitmek isleýändigini açyk beýan etdi.

Salah ýüzlenmesinde «Liwerpul» bilen baglanyşykly duýgularyny şeýle beýan etdi: "Men bu toparyň, bu şäheriň, bu janköýerleriň durmuşymyň şeýle uly bölegine öwrüljekdigini hiç wagt göz öňüne getirip bilmezdim. «Liwerpul» diňe bir topar däl – bu hyjuw, bu ruh. Biz bilelikde ýeňdik, bilelikde kynçylyklardan geçdik. Men bu ýerde bolan döwrümde topar bilen bagly bolan her bir adama, aýratyn hem janköýerlere minnetdarlyk bildirýärin".

Müsüriň "faraony" «Liwerpuldaky» döwründe 435 duşuşykda meýdança çykyp, 255 gol geçirdi we 122 asist berdi. Ol topar bilen iki gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy hem-de 2019-njy ýylda Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.