Transfer "Atletikonyň" ýyldyzy Grizmann "Orlando Sita" geçýär
Fransiýaly hüjümçi Antuan Grizmann karýerasyny MLS-de dowam etdirer – ol «Orlando Siti» toparyna resmi taýdan geçýär.
Amerikan toparynyň metbugat gullugy bu transferi tassyklap, şeýle diýip ýazdy: "Biz 2018-nji ýyldaky Dünýä çempiony Antuan Grizmann bilen şertnama baglaşdyk. Ol 2026-njy ýylyň iýul aýynda topara goşular we 2027/28 möwsüminiň ahyryna çenli şertnama gol çekdi. Şeýle-de şertnamada 2028/29 möwsümi üçin uzaltmak mümkinçiligi bar".

Grizmann täze toparyna MLS-de transfer penjiresi açylandan soň goşular. Habarlara görä, onuň ýyllyk zähmet haky takmynan 10 million ýewro bolar.
Futbolçy hem täze ädim barada pikirini paýlaşdy: "Men karýeramyň täze sahypasyna «Orlando Siti» bilen başlajakdygyma örän begenýärin. Ilkinji gepleşiklerden bäri toparyň uly maksatlaryny duýdum. Men Orlandony täze öýüme öwürmäge, janköýerler bilen duşuşmaga we topar üçin ähli güýjümi bermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn".
Şeýle-de Grizmann «Atletiko Madrid» toparynyň janköýerlerine ýüzlenip, täsirli sözler aýtdy. Ol özüniň heniz topary terk etmeýändigini, möwsümiň ahyryna çenli ähli güýjüni berjekdigini nygtady: "Bu topar meniň öýüm, siz bolsa meniň maşgalam. Men heniz gitmeýärin – öňümizde birnäçe aý bar. Men meýdançada hem-de onuň daşynda ähli güýjümi goýup, Ispaniýanyň Kubogyny gazanmak we Çempionlar ligasynda mümkin boldugyça öňe gitmek isleýärin. Meniň ýüregim hemişelik «Atletiko» bilen galar".
34 ýaşly hüjümçi häzirki möwsümde «Atletiko Madridiň» düzüminde 43 duşuşykda çykyş edip, 13 gol geçirdi we 4 asist berdi. Umuman alanyňda, topar bu möwsüm üstünlikli çykyş edýär – olar Ispaniýanyň Kubogynyň finalyna we Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy.
Grizmann «Atletiko Madridda» iki döwürde çykyş etdi – ilki 2014–2019-njy ýyllar aralygynda, soňra bolsa 2023-nji ýylda gaýdyp geldi. Ol bu topar bilen Ispaniýanyň Superkubogyny, Ýewropa ligasyny we UEFA Superkubogyny gazandy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


