UCL. Winisius "Realda" iň netijeli, "Bawariýa" taryhy lider
Ýewropanyň Çempionlar ligasynda soňky ýyllaryň statistikasy birnäçe futbolçy we topar üçin täsirli netijeleri görkezýär.
«Real Madrid» toparynyň gapdal hüjümçisi Winisius Žunior soňky 10 ýylda ýaryşyň pleý-off tapgyrlarynda iň netijeli futbolçy boldy. "Score90" tarapyndan berlen maglumata görä, braziliýaly oýunçy 2016/17 möwsüminden bäri gol+asist ulgamy boýunça 29 utuk toplap, ähli futbolçylaryň arasynda iň ýokary görkeziji gazandy.
Bu sanawda ikinji orny «Barselona» toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski eýeleýär – onuň hasabynda 24 utuk bar. Üçünji ýerde bolsa öň «Realda» çykyş eden Karim Benzema ýerleşýär – 23 utuk bilen.
Iň gowy bäşlige şeýle hem «Realyň» hüjümçisi Kilian Mbappe (22 utuk) we «Liwerpul» toparynyň gapdal hüjümçisi Mohammed Salah (20 utuk) girdi.

Şol bir wagtyň özünde toparlaýyn statistika hem üns çekýär. "Transfermarkt" portaly tarapyndan berlen maglumatlaryna görä, «Bawariýa» topary 1994/95 möwsüminden bäri Çempionlar ligasynda iň köp çärýek finala çykan topar boldy. Mýunhenliler bu tapgyra jemi 24 gezek çykdy.
Bu görkeziji boýunça olaryň yzysüre ispan grandlary gelýär – «Real» 22 gezek, «Barselona» bolsa 21 gezek çärýek finala çykmagy başardy.
Beýleki toparlaryň hiç biri bu görkeziji boýunça 20-den geçip bilmedi. Olar bilen deňeşdirilende, «Mançester Ýunaýted» 14 gezek, «Çelsi» we «Ýuwentus» toparlary bolsa 12 gezek çärýek finala çykdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


