Transfer. "Atletikonyň" ýyldyzy "Orlando Sita" geçýär
Fransiýaly hüjümçi Antuan Grizmann möwsümiň ahyrynda «Atletiko Madrid» toparyndan aýrylyp, MLS ligasyna geçmäge taýýarlanýar.

Meşhur žurnalist Fabrizio Romano tarapyndan berlen maglumata görä, tejribeli futbolçy «Orlando Siti» topary bilen şertnama baglaşmak boýunça dilden ylalaşyga geldi. Geçişiň iýul aýynda, Ýewropadaky möwsüm tamamlanandan soň amala aşmagyna garaşylýar.
Habarlara görä, 35 ýaşly hüjümçi şu hepde täze topary bilen iki ýyllyk şertnama gol çekip biler. Ol täze toparynda hem «Atletiko Madrid» toparyndaky ýaly 7-nji belgide çykyş eder.
Grizmann «Atletiko Madrid» toparynda çykyş eden döwründe 488 duşuşykda meýdança çykyp, 211 gol geçirip, 97 asist berdi we toparyň esasy ýyldyzlarynyň birine öwrüldi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


