Futbol sanlarda: "Keýniň" taryhy üstünligi, "Tottenhemiň" uzaga çeken krizisi

Ýewropa futbolynda soňky statistik maglumatlar birnäçe topar we futbolçy üçin taryhy hem-de garaşylmadyk netijeleri açyp görkezdi.

Angliýada «Liwerpul» topary üçin möwsüm ýeňil geçmeýär – topar ilkinji gezek 2015/16 möwsüminden bäri Premýer-ligada 10-njy ýeňlişini kabul etdi. Bu görkeziji olaryň öňki iki möwsümde bilelikde alan ýeňlişlerinden hem köp boldy. «Tottenhem» topary bolsa 13 duşuşyk bäri ýeňiş gazanyp bilmän, liganyň taryhyndaky iň erbet dördünji seriýasyny başdan geçirýär. Şeýle-de Pep Gwardiola Angliýanyň Ligasynyň kubogyny bäş gezek gazanan ilkinji tälimçi hökmünde taryha girdi.

Ispaniýada «Barselona» topary «Raýo Walýekano» garşy gazanan ýeňşi bilen bu möwsümde 15-nji ýeňşine ýetdi we öz meýdançasynda 100 göterimlik netijäni saklaýar. Indiki ýeňiş topar üçin täze rekord bolup biler.

Italiýada tälimçi Marko Jampaolo «Kremoneze» topary bilen birlikde Serie A-da iş alyp baran 11-nji topary boldy we bu görkeziji bilen rekord goýdy. Şeýle-de Marten de Ron «Atalanta» topary bilen 436-njy duşuşygyny geçirip, toparyň taryhynda iň köp oýun geçiren futbolçy boldy.

Germaniýada «Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn «Uniona» garşy gol geçirip, toparyň taryhynyň iň gowy 10 bombardiriniň hataryna girdi. Ol 133 goly bary-ýogy 136 duşuşykda geçirmegi başardy.

Fransiýada bolsa «Nissa» topary taryhynda ilkinji gezek yzly-yzyna iki öý duşuşygynda 0:4 hasabynda ýeňildi.