"CAFA NOWRUZ-2026" festiwaly ýaş futbolçylary bir ýere jemledi

22-nji martda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdanynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy tarapyndan "CAFA NOWRUZ-2026" ady bilen çagalaryň futbol festiwaly geçirildi.

Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen bu çärä 7-12 ýaş aralygyndaky 250-den gowrak oglan-gyz gatnaşdy.

Festiwalyň dowamynda ýaş futbolçylar dürli bäsleşiklerde çykyş edip, öz başarnyklaryny we toparlaýyn jebisligini görkezmäge mümkinçilik aldylar. Şeýle çäreler çagalaryň futbola bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga uly täsir edýär.

Bu futbol baýramçylygyna dürli toparlar bilen birlikde «Janköýer» futbol akademiýamyzyň ýaş türgenleri hem işjeň gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başardylar.

Çäräniň esasy maksady ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzda futboluň gerimini has-da giňeltmek bolup durýar.

Festiwalyň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.