La Liga. "Realyň" üstünligi: azlykda hem ýeňiş

La Liganyň 29-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Real Madrid» bilen «Atletiko Madrid» toparlary Madrid derbisinde garşylaşdy.

Duşuşygyň birinji ýarymynda oýun boýunça artykmaçlyk «Real Madridiň» tarapynda bolsa-da, hasapda öňe geçen tarap «Atletiko Madrid» boldy.

Arakesmeden soň «Real Madrid» has işjeň oýnap başlady we hasaby deňläp, soňra öňe çykmagy başardy. Emma garşydaş hem tiz wagtda jogap berip, hasaby ýene deňledi.

Soňky bölümde «Real Madrid» ýene öňe çykdy, ýöne Federiko Walwerdeniň gyzyl kart almagy sebäpli topar azlykda galdy.

Şeýle-de bolsa, «Real Madrid» oýnuň galan böleginde hem hüjümini peseltmedi we ýeňiş hasabyny saklap bildi. Bu ýeňişden soň topar «Barselona» bilen aralykdaky tapawudy dört utuga çenli azaltmagy başardy.

Alwaro Arbeloa Madrid toparyna ýolbaşçylyk edip başlandan bäri iki gezek Žoze Mourinýony, iki gezek Pep Gwardiolany we bir gezek Diego Simeoneni ýeňmegi başardy.