"Mançester Sitiniň" üstünligi, "Arsenal" ýene finalda ýeňildi

«Mançester Siti» bilen «Arsenal» toparynyň arasynda geçirilen Angliýanyň Ligasynyň kubogynyň finaly 22-nji martda tamamlandy we duşuşykda "şäherliler" 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, nobatdaky kubogyny eýeledi.

Ilkinji ýarymda toparlar 0:0 hasabynda deňlikde arakesmä çykdy. «Arsenal» oýna işjeň başlap, birnäçe howply pursat döretdi, emma hasaby açmak başartmady. Wagtyň geçmegi bilen oýun deňagramlaşdy we iki tarap hem kän howp döredip bilmedi.

Ikinji ýarymda bolsa «Mançester Siti» düýbünden başgaça çykyş etdi. 60-njy minutlara golaý wagtda Kepa tarapyndan goýberilen ýalňyşlykdan soň Niko O’Raili hasaby açdy. Birnäçe minutdan soň şol bir futbolçy ýene tapawutlanyp, dubl edip, duşuşygyň ykbalyny çözdi.

Şeýlelikde, «Mançester Siti» öz taryhynda dokuzynjy gezek Liganyň kubogyny gazandy. «Arsenal» bolsa bu ýaryşda bary-ýogy iki gezek ýeňiji bolup, eýýäm ýedi gezek finalda ýeňildi.

Bu ýeňiş «Mançester Siti» üçin XXI asyrdaky altynjy çempionlyk boldy we topar bu döwürde iň üstünlikli topar hökmünde tapawutlanýar. Bu görkeziji boýunça «Liwerpul» bäş kubok bilen ikinji orunda ýerleşýär.

Baş tälimçi Pep Gwardiola üçin bu kubok aýratyn ähmiýetli boldy. Ol Angliýanyň Ligasynyň kubogyny bäş gezek gazanan ilkinji tälimçi hökmünde taryha girdi. Şeýle hem bu onuň tälimçilik karýerasyndaky 40-njy kubogy boldy.

Şeýle görkeziji bilen Gwardiola dünýäniň iň üstünlikli tälimçileriniň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. Häzirki wagtda rekord 49 kubok bilen Ser Aleks Fergýusona degişli bolup galýar.