La Liga. Walwerdeniň "Reala" transferi bir jaň sebäpli ýatyrylyp bilerdi

«Real Madrid» toparynyň ýarymgoragçysy Federiko Walwerdeniň topara geçişi gyzykly ýagdaý bilen baglanyşykly bolupdy.

Ol ilkinji gezek «Real Madridiň» gyzyklanýandygyny ýaşlar arasynda Günorta Amerika çempionatynyň dowamynda eşidipdi. Şol gün agşam ol myhmanhanada öz otagynda bolup, ene-atasy bolsa şol gatda başga otagda ýerleşýärdi.

Ejesi oňa jaň edip, tiz wagtda öz ýanyna gelmegini haýyş edipdir. Emma şol wagt toparyň düzgünlerine görä futbolçylara otagdan çykmak gadagan edilipdi. Walwerde ýagdaýy anyklamazdan, diňe irden gürleşmegi makul bilip, jaňy goýupdyr.

Soňra ejesi ýene jaň edip, «Real Madridden» adamlaryň gelendigini aýdypdyr, emma Walwerde muny degişme hasaplapdyr. Diňe gaýtadan jaň edilenden soň ol ejesiniň ýanyna barýar.

Netijede, otagda hakykatdan hem «Real Madridiň» skautlary bolup, olar ýaş futbolça resmi teklip hödürleýär. Şeýlelikde, bir jaň sebäpli diýen ýaly bolman galan transfer soňunda amala aşýar.