La Liga. Mbappe bilen Bellingem taýýar
«Real Madrid» toparynyň baş tälimçisi Alwaro Arbeloa Madrid derisiniň öňüsyrasynda toparyň düzümine degişli täzelikleri paýlaşdy.
Onuň sözlerine görä, Kilian Mbappe doly sagalyp, «Atletiko Madrida» garşy oýna gatnaşmaga taýýar. Şeýle hem Jud Bellingem hem şikesden soň dikeldiş döwrüni tamamlap, meýdana çykmaga ýakyn.

Mbappe eýýäm şikesden soň ilkinji oýnuny geçirip, «Mançester Siti» bilen bolan duşuşykda 22 minut meýdanda boldy.
Bellingem bolsa fewral aýynyň başyndan bäri oýnamady. Onuň soňky duşuşygy «Raýo Walýekano» garşy bolup, şol oýunda ol 10-njy minutda şikes alyp meýdandan çykypdy.
«Real Madrid» bilen «Atletiko Madrid» toparlarynyň arasyndaky Madrid derbisi 22-nji martdan 23-nji marta geçilýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


