Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleşik ýygnanyşygy dowam edýär
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýa Kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Tailandyň milli ýygyndysy bilen geçiriljek möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygy dowam edýär.
Milli ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türgenleşikleriň her gün iki wagtyna geçirilýändigini ýatladýarys.
Saýlama tapgyrda “D” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy häzirki wagtda 12 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Şol sanda Tailandyň milli ýygyndysy hem 12 utuk toplady, emma goşmaça görkezijiler boýunça ýygyndy toparymyz öňdäki orny eýeleýär. Ýygyndy toparlaryň arasynda geçirilen öňki duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aşgabat şäherindäki “Aşgabat” köpugurly stadionynda garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başarypdy.
Toparçada 6 utuk bilen Şri-Lankanyň milli ýygyndysy üçünji orny eýeleýär, utuk gazanyp bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysy bolsa dördünji orunda ornaşdy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň soňky — 6-njy duşuşygyny 2026-njy ýylyň 31-nji martynda myhmançylykda Tailandyň milli ýygyndysyna garşy geçirer.
Ýeri gelende bellesek, saýlama oýunlaryň çägindäki alty toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy–2027-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Çeşme: TFF

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


