Bundesliga. "Bawariýa", "Çelsi" we beýlekiler "Leýpsigiň" ýaş ýyldyzyny isleýär

Germaniýanyň «RB Leýpsig» toparynda çykyş edýän 19 ýaşly gapdal hüjümçi Ýan Diomande häzirki wagtda Ýewropanyň birnäçe uly toparlarynyň üns merkezine düşdi.

Kot-d’Iwuarly ýaş futbolçy öz professional ýoluna ABŞ-da başlap, soňra Ispaniýanyň «Leganes» toparynda çykyş etdi. Häzirki wagtda bolsa ol Bundesligada bary-ýogy ikinji möwsümini geçirýändigine garamazdan, eýýäm ýokary derejede özüni görkezmegi başardy. Diomande şu möwsümde 28 duşuşykda 11 gol geçirip, 6 asist etdi.

Onuň esasy artykmaçlygy ýokary tizlikdäki driblingdir. Statistikalara görä, ol bu ugurda hatda «Bawariýanyň» futbolçysy Maýkl Oliseden hem öňde — Diomandeniň üstünlikli driblingi 58,4% (ortaça 3,5 gezek), Olisede bolsa 43,9% (2,1 gezek). Şeýle-de ol top bilen öňe gidiji hereketlerde hem ýokary netijeleri görkezýär.

Diomande häzirki wagtda TOP-5 ligalarda iň köp üstünlikli dribling eden futbolçylaryň arasynda ikinji ýerde ýerleşýär — diňe «Barselona» toparynyň ýyldyzy Lamin Ýamaldan yzda galýar. Şeýle-de ol meýdançanyň iki ganatynda hem oýnap bilýär: 20 duşuşykda sag tarapda, 7 duşuşykda bolsa çep tarapda çykyş etdi.

Ýaş futbolça «Bawariýa», «Çelsi», «Tottenhem», «Mançester Ýunaýted» we «Liwerpul» ýaly toparlar tarapyndan gyzyklanma bar. Emma «Leýpsig» ony 100 million ýewro bilen bahalandyrýar.

Şeýle-de mümkin bolan transfer diňe bahasy bilen däl, eýsem hukuk meseleleri bilen hem kynlaşyp biler. Diomande golaýda agentligini çalşyrdy, emma onuň şekil hukuklary öňki hyzmatdaşlarynda galyp, bu ýagdaý gepleşikleriň amala aşmagyna päsgel berip biler.