Serie A. "Komoda" italýan futbolçylara ýer ýok diýen ýaly

Italiýanyň «Komo» topary häzirki möwsümde täsin statistika bilen ünsi çekdi. Toparda italýan futbolçylaryň sany juda az bolmak bilen çäklenmän, olaryň meýdanda geçiren wagty hem ýok diýen ýaly.

Şu möwsümde «Komoda» italýan oýunçylary bary-ýogy 1 minut meýdanda çykyş etdi. Bu hem goragçy Goldaniganyň «Fiorentina» garşy duşuşygyň soňky pursatlarynda oýna goşulmagy bilen bagly boldy. Toparda jemi iki italýan futbolçy bar.

Şol bir wagtda «Komo» düzüminde daşary ýurtly futbolçylar agdyklyk edýär — bäş ispan, üç fransuz, üç horwat we hatda iki şwesiýaly oýunçy hem çykyş edýär.

Deňeşdirmek üçin, şu görkeziji boýunça iň pes netijeleriň biri bolan «Werona» toparynda italýan futbolçylar eýýäm 4 müň 137 minut meýdanda oýnady.

Iň ýokary görkezijiler bolsa şu toparlara degişli. «Kalýari» italýan futbolçylara iň köp ynam bildiren topar bolup, olar jemi 18 müň 946 minut çykyş etdi. Ikinji ýerde «Kremoneze» (16 müň 858 minut), üçünji ýerde bolsa «Fiorentina» (15 müň 557 minut) ýerleşýär.