UEL, UECL. Çärýek finala çykan toparlar belli boldy

Ýewropa ligasynda hem-de Konferensiýa ligasynda 1/8 finalyň jogap duşuşyklary tamamlandy we çärýek finala çykan ähli toparlar belli boldy.

Ýewropa ligasynda birnäçe gyzykly garşylaşyklar boldy. «Mitýulland» topary «Nottingem Forest» bilen iki duşuşygyň jemi boýunça 2:2 oýnady, penalti tapgyrynda bolsa iňlis topary üstünlik gazanyp, indiki tapgyra çykdy.

Ispaniýanyň «Selta» topary iki gyzyl kartly duşuşykda «Lion» toparyny 2:0 ýeňip, çärýek finala çykdy. Ilkinji oýun 1:1 tamamlanandy. Başga bir ispan topary «Betis» hem ilkinji oýunda ýeňlendigine garamazdan, «Panatinaikosy» ýeňip, ýoluny dowam etdirdi.

Germaniýanyň «Fraýburg» topary «Genkden» ilkinji oýunda ýeňlenden soň, jogap duşuşygynda 5:0 hasabynda uly ýeňiş gazanyp, garşydaşyndan üstün çykdy. Portugaliýada bolsa «Braga» topary hem remontada edip, «Ferenswaroşy» 4:0 ýeňdi we umumylykda öňe saýlandy.

Şeýle hem «Portu» iki duşuşygyň jemi boýunça «Ştutgartdan» 4:1 hasabynda üstün çykdy. Iň garaşylmadyk netijeleriň biri Italiýada boldy — «Bolonýa» – «Roma» bilen dramatik oýunda 4:3 ýeňip, jemi hasapda 5:4 bilen çärýek finala çykdy.

«Aston Willa» bolsa «Lill» toparyny iki oýunda hem ýeňip (3:0), indiki tapgyra ynamly çykdy.

Netijede, çärýek finalda şu jübütler duşuşar:
«Bologna» – «Aston Willa»
«Portu» – «Nottingem Forest»
«Fraýburg» – «Selta»
«Braga» – «Betis»

Bu tapgyrda Angliýadan, Portugaliýadan we Ispaniýadan iki topar, Italiýadan hem-de Germaniýadan bir topar çykyş eder. Ilkinji duşuşyklar 9-njy aprelde, jogap oýunlary bolsa 16-njy aprelde geçiriler.

Şol bir wagtda Konferensiýa ligasynda hem 1/8 final tamamlandy. Bu ýaryşda «AEK» (Afiny), «Kristal Pelas», «Maýns», «Fiorentina», «Raýo Walýekano», «Şahtýor», «AZ Alkmaar» we «Strasbur» toparlary indiki tapgyra çykdy.

Çärýek final jübütleri şeýle boldy:
«Kristal Pelas» – «Fiorentina»
«Şahtýor» – «AZ Alkmaar»
«Maýns» – «Strasbur»
«Raýo Walýekano» – «AEK»

Bu duşuşyklar hem 9-njy aprelde başlar, jogap oýunlary 16-njy aprelde geçiriler.