UCL. Iň netijeli 1/8 final diýip rekord goýuldy

Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminiň 1/8 final tapgyry ýaryşyň taryhynda iň netijeli tapgyrlaryň biri hökmünde hasaba alyndy. Toparlar bu tapgyrda ýokary derejede hüjüm futbolyny görkezip, köp sanly gol geçirdiler.

Ilkinji duşuşyklarda jemi 32 gol geçirilip, her oýna ortaça 4 gol düşdi. Jogap duşuşyklarynda bolsa bu görkeziji has-da ýokarlandy — 36 gol we her oýna 4,5 gol. Şeýlelikde, iki oýnuň jemi boýunça 68 gol geçirilip, ortaça 4,25 gol görkezijisi gazanyldy. Bu bolsa 2016/17 möwsümindäki 62 golluk rekorddan hem ýokary boldy.

Iň täsirli çykyş eden toparlaryň hatarynda «Bawariýa» topary «Atalanta» bilen garşylaşykda 10 gol geçirdi. «Barselona» topary «Nýukasla» garşy 8 gol geçirse, «PSŽ» topary «Çelsi» bilen duşuşyklarda 8 gol bilen tapawutlandy.

Bu tapgyryň netijesinde çärýek finala «Real Madrid», «Bawariýa», «Sporting», «Barselona», «Atletiko Madrid», «Arsenal», «Liwerpul» hem-de «PSŽ» toparlary çykdy.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 7–8-nji aprelde, jogap oýunlary bolsa 14–15-nji aprelde geçiriler.

7-nji aprelden 8-nji aprele geçilýän gije sagat 00:00-da «Real Madrid» topary «Bawariýa» bilen, «Sporting» topary bolsa «Arsenal» bilen duşuşar.

8-nji aprelden 9-njy aprele geçilýän gije sagat 00:00-da «PSŽ» topary «Liwerpul» bilen, «Barselona» topary bolsa «Atletiko Madrid» bilen güýç synanyşar.